AÖB ösüp barýan ýurtlarda jemi içerki önümiň ösüşi baradaky çaklamasyny 0,3% ýokarlandyrdy

  • 11.12.2020 13:47
  • 4.9k+

Aziýanyň ösüş banky (AÖB) şu ýylda yklymyň ösüp barýan ýurtlarynda ykdysady ösüş baradaky çaklamalaryny 0,3% ýokarlandyryp, minus 0,4%-e çenli gowulandyrdy. Şeýle maglumatlar penşenbe güni edara binasy Manilada ýerleşýän bu maliýe guramasy tarapyndan ýaýradylan hasabatda getirilýär, diýip TASS habar berýär.

“Ösüp barýan Aziýa yklymynda ykdysady işjeňlik, çaklamalara görä, 2021-nji ýylda 6,8% ýokarlanmazdan ozal, şu ýyl 0,4% peseler, sebäbi sebit koronawirus pandemiýasynyň täsirinden gutulmak ugrunda hereket edýär” – diýlip, hasabatda görkezilýär.

Sentýabr aýynda AÖB bu görkezijiniň şu ýylyň jemi boýunça 0,7% peseljekdigini çaklady. Geljek ýyl üçin çaklamalar üýtgemedi.

“Aziýanyň ösüp barýan ýurtlarynyň geljegi gowulanýar. Hususan-da, sebitdäki iň uly iki ykdysadyýet bolan HHR we Hindistan üçin ösüş çaklamalary ýokarlandy” – diýip, bankyň baş ykdysatçysy Ýasuýuki Sawada belledi.

Şeýlelikde, AÖB 2020-nji ýylda Hytaýyň ykdysadyýetiniň öň bellenilen 1,8%-iň deregine 2,1% derejesinde ösmegine garaşýar. Taýwan üçin çaklama 0,8%-den 1,7%-e, Wýetnam – 1,8%-den 2,3%-e çenli ýokarlandy. Hindistanyň jemi içerki önüminiň pese gaçyşy -9%-den -8%-e, Gonkong – -6,5%-den -5,5%-e, Tailand – -8%-den -7,8%-e çenli üýtgedildi. Şol bir wagtda Indoneziýa, Malaýziýa we Filippinler ýaly ýurtlar üçin pese gaçyş baradaky çaklamalar birneme ýaramazlaşýar.
Sebitdäki döwletler üçin inflýasiýa çaklamasy 2,9%-den 2,8%-e çenli düzedildi diýlip, resminamada görkezilýär.

düýn 19:47
528

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

düýn 19:30
1.4k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......