Breýk-dans we skeýtbording tomusky Olimpiada-2024-iň maksatnamasyna goşuldy

  • 11.12.2020 11:31
  • 5.4k+

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna täze ýaryşlar — skeýtbording, gaýa dyrmaşmak, sörfing we breýk-dans goşuldy. Bu barada Halkara Olimpiýa Komitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, INTERFAX.RU habar berýär.

Bu karar Halkara Olimpiýa Komitetiniň mejlisinde kabul edildi. Mundan başga-da, 2024-nji ýyldaky Oýunlarda sportçularyň umumy kwotasyny 10,5 müň adama çenli azaltmak kararyna gelindi.
Bu, baryndan beter, agyr atletika täsir etdi. Beýle karar "Halkara Olimpiýa Komitetiniň Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) we sportuň bu görnüşinde dopingli wakalar bilen baglanyşykly çynlakaý ynjalyksyzlygy" sebäpli kabul edildi.

"Agyr atletikanyň 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda bolmagy Halkara Olimpiýa Komiteti tarapyndan hemişe gözegçilikde saklanmagyny dowam etdirýär"- diýlip habarda aýdylýar.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......