HOK 2024-nji ýylda Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň gender deňligine esaslanýan maksatnamasyny tassyklady

  • 11.12.2020 15:58
  • 4.2k+

Halkara olimpiýa komiteti Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda berilýän medallaryň sanyny 339-dan 329-a çenli azaltmak kararyna geldi diýip, HOK-nyň metbugat gullugy habar berýär. Muny championat.com belläp geçýär.

Şeýle-de, türgenleriň umumy sany 10,5 müň adama çenli azaldylar (Tokiodaky oýunlarda 592 türgeniň köp bolmagyna garaşylýar). Şol bir wagtda ilkinji gezek gender deňligi doly berjaý ediler – 50% erkek-türgenler we 50% zenanlar. Oýunlaryň maksatnamasynda sportuň 32 görnüşinden 28-si gender alamaty boýunça deňagramly bolar. Garyşyk görnüşleriň sany 22-ä çenli artdyrylar.
Sany boýunça azaldylma, esasan, boksa we agyr atletika täsir eder. Eger-de Parižde agyr atletika ýaryşy geçirilse, onda 120 türgen 10 toplum medal üçin bäsleşer.
2024-nji ýyldaky Oýunlaryň maksatnamasynda ýeňil atletikanyň görnüşleriniň biri – 50 km aralyga ýöriş aýryldy. Munuň hemişelik bolmagy ähtimal. Tokio-2021-de 50 km ýöriş bolar, ýöne diňe erkekleriň gatnaşmagynda geçer.
HOK 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna breýk-dansyň, skeýtbordingiň, gaýa dyrmaşmagyň we sýorfingiň girizilendigini tassyklady. Ilkinji üçüsi eýýäm bir ýyldan Tokioda kabul edýän ýurduň teklibi boýunça wagtlaýyn derejesinde geçiriler. Ýöne breýk-dansy ilkinji gezek Parižde görüp bolar. 

şu gün 12:18
2.1k+

FIFA özbegistanly eminleri Dünýä çempionaty – 2026-nyň sanawyna goşdy

FIFA-nyň habar bermegine görä, Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbegistanly eminler topary 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň resmi eminleriniň sanawyna girizildi. Ýaryşda Tantaşew bilen......

şu gün 12:16
1.2k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

şu gün 00:10
6.7k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
5.2k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....