Tokio 2030-njy ýyla çenli benzinde we dizelde ýöreýän awtoulaglary satmagy bes eder

  • 10.12.2020 13:15
  • 13k+

Tokionyň häkimiýetleri 2030-njy ýyla çenli diňe benzin ýa-da dizel bilen ýöreýän täze awtoulaglaryň satuwyny bes eder. "Nikkei" gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, paýtagtyň hökümetiniň gubernator Ýuriko Koike tarapyndan geçirilen mejlisinde şeýle maksat öňde goýuldy.

Teklip edilýän meýilnama laýyklykda, Tokioda satlyk täze awtoulaglaryň hemmesi 2030-njy ýyla çenli gibrid ýa-da elektrik hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylmaly. Şeýle hem häkimiýetler şeýle awtoulaglaryň satyn alynmagyna subsidiýa bermek boýunça programma işläp taýýarlamak isleýärler. Şeýlelik bilen, Tokionyň administrasiýasy benzin we dizel awtoulaglaryndan ýüz öwürmek prosesini çaltlaşdyrmaga hem-de Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan 2030-njy ýyllaryň ortalaryna çenli içerki awtoulag bazaryny özgertmek boýunça ozal bellenen möhletden öňürtmäge çalyşýarlar.
Mundan başga-da, "Nikkei" gazetiniň belleýşi ýaly, Tokionyň syýasaty elektrik motor tehnologiýasyna maýa goýmadyk ykjam awtoulag öndürijileri üçin kynçylyklary döredip biler. Mysal üçin, Ýaponiýada bazardaky paýy boýunça dördünji orny eýeleýän “Daihatsu Motor” kompaniýasynyň ähli esasy modelleri diňe benzin hereketlendirijilerinde ýöreýär.
Häzirki wagtda Ýaponiýanyň bazarynda gibrid modeller agdyklyk edýär. Beýle modeller awtoulag öndürijileriniň hemmesinde diýen ýaly bar. Şol bir wagtyň özünde, umumy sarp ediji üçin elektrik ulaglary çäkli mukdarda öndürilýär.

düýn 14:34
1.7k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
5.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....