Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna gatnaşyjylaryň hemmesi kesgitlenildi

Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna gatnaşyjylaryň hemmesi kesgitlenildi

2020/21 möwsümiň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna gatnaşyjylaryň doly sanawy mälim boldy. Toparçalaýyn tapgyryň altynjy aýlawy penşenbe güni gije tamamlandy.

"A" toparçada Ispaniýanyň “Atletikosy” myhmançylykda Awstriýanyň “Salzburg” toparyny (2:0) ýeňdi, ruslaryň “Lokomotiwi” bolsa “Bawariýadan” utuldy (0:2). Toparçalaýyn tapgyryň netijelerine görä, "Bawariýa" (16 utuk) we "Atletiko" (9) pleý-offa çykdy, "Salzburg" (4) Ýewropa ligasynyň 1/16 finalynda göreşi dowam etdirer. "Lokomotiw" (3) toparçada soňky orunda galdy.
"B" toparçada Madridiň “Realy” Mönhengladbahly “Borussiýany” ýeňdi (2:0), ukrainaly “Şahtýor” Italiýanyň “Interi” (0:0) bilen deňme-deň oýnady. "Real" (10 utuk ) we "Borussiýa" (8) 1/8 finala çykdy, "Şahtýor" (8) Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyrynda oýnar, "Inter" bolsa (6) toparçada soňky orny eýeledi.
"C" toparçada iňlisleriň “Mançester Siti” topary öz öýünde Fransiýanyň “Marselini” (3:0), Portugaliýanyň “Portusy” grekleriň “Olimpiakosyny” ýeňdi (2:0). Toparda birinji orny “Mançester Siti” (16), ikinji orny “Portu” (13) eýeledi, “Olimpiakos” (3) Ýewropa ligasynyň pleý-offyna çykdy, “Marsel” (3) toparçadan çykmagy başarmady.
Ondan öň "Liwerpul", "Çelsi" (ikisi hem Angliýadan), Dortmundyň "Borussiýasy", "Leýpsig" (ikisi hem Germaniýadan), "Sewilýa", "Barselona" (ikisi hem Ispaniýadan), "Atalanta", "Ýuwentus", "Lazio" (hemmesi - Italiýadan) we "PSŽ" (Fransiýa) Çempionlar ligasynyň pleý-off oýunlaryna çykdy.  "Krasnodar "(Russiýa), "Aýaks "(Gollandiýa), "Brýugge" (Belgiýa), "Dinamo" (Kiýew, Ukraina) we "Mançester Ýunaýted" (Angliýa) Ýewropa ligasyna ýollanma aldy.
Çempionlar ligasynyň 1/8 finaly we Ýewropa ligasynyň 1/16 finaly üçin bije çekilişik 14-nji dekabrda geçiriler.