Türkmenistanyň Prezidenti ulag-aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 09.12.2020 15:30
  • 12k+

8-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyndaky işleriň ýagdaýyna bagyşlanan meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Wise-premýer G.Müşşikow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýy hem-de pudaklaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
“Türkmendemirýollary”, “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmenawtoulaglary” agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly amala aşyrylýan işleriň ýagdaýyny degişli derejede saklamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz bu toplumyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, ugurdaş kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, şol sanda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly döwrebaplaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtap, anyk tabşyryklary berdi.
Raýat awiasiýasy barada aýdylanda bolsa, ýük howa gämilerini satyn almak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, üstaşyr mümkinçiliklerden has doly peýdalanmak, goşmaça hyzmatlary amala aşyrmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Balkanabat howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň durkuny täzelemek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe ýüzlenip, döwrüň talabyna laýyklykda hem-de pudaklaýyn maksatnamalary gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen baglylykda, maliýe-ykdysady ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar esasynda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.8k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......