Lewandowski “FourFourTwo” tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy

  • 07.12.2020 23:16
  • 5.4k+

“FourFourTwo” neşiri 2020-nji ýylyň iň gowy futbolçysyny saýlady. Ol "Bawariýanyň" hem-de Polşanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Robert Lewandowski boldy. Bu barada championat.com habar berýär.

Ses berişlige 101 ýurtdan 101 žurnalist gatnaşdy. 32 ýaşly hüjümçi 87 ses alyp, uly tapawut bilen ýeňiş gazandy. Şol bir wagtyň özünde, sanawda Lewandowskiden soň kimiň ýerleşýändigi entek belli däl.
Geçen möwsümde Lewandowski "Bawariýanyň" düzüminde üç gezek ýeňiji bolup, Germaniýanyň çempiony, Milli kubogyň ýeňijisi we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Şondan soň mýunhenli topary UEFA-nyň Super kubogyny aldy.
Lewandowski 2019/20 kampaniýasynda Germaniýanyň Bundesligasynda geçirilen 31 oýunda 34, Germaniýa kubogynda 5 duşuşykda 6 gol urdy, şeýle hem Çempionlar ligasynyň 10 oýnunda garşydaşlarynyň derwezesine 15 pökgi geçirdi.

şu gün 09:11
315

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:49
1.9k+

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......