Türkmenistan 11 aýda 2 million tonnadan gowrak nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr eksport etdi

Türkmenistan 11 aýda 2 million tonnadan gowrak nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr eksport etdi

2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň çäginden üstaşyr geçiren nebit möçberi 2,11 million tonna barabar boldy. Bu barada Russiýanyň Ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer edarasyna (ÝET MDE) salgylanmak bilen Interfaks habarlar agentligi habar berýär.

Diňe noýabr aýynda Russiýanyň çäginden 160 müň tonnadan gowrak türkmen nebiti daşary ýurt bazarlaryna iberildi. RF-iň üsti bilen nebiti üstaşyr eksport edýän ýurtlaryň sanawynda çig malyň mukdary boýunça Türkmenistan Gazagystandan soň durnukly ikinji orny eýeleýär. Russiýanyň çäginden Gazagystanyň nebitiniň üstaşyr geçirilmegi ýylyň 11 aýynda 14,21 mln tonna (noýabr aýynda – 1,16 mln tonna) barabar boldy. Üçünji orunda Azerbaýjan ýerleşýär – 528,57 müň tonna (noýabr aýynda – 169,79 müň tonna).
Şeýle-de Russiýada nebit önümçiligi 2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,4% peselip, 470,16 million tonna bolandygy habarda nygtalýar.