1-nji ýanwardan Türkmenistanda gazet-žurnallar diňe elektron görnüşde çykar

1-nji ýanwardan Türkmenistanda gazet-žurnallar diňe elektron görnüşde çykar

Türkmenistanda döwürleýin neşirler kagyz görnüşinde tiražlap çykmagyny bes eder. Oňa derek, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, abunaçylar ýerli gazet-žurnallary elektron görnüşde alyp bilerler. Döwürleýin neşirler kagyz görnüşde diňe pensionerler üçin elýeterli bolar.

ORIENT agentliginiň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň poçta bölümleri 2021-nji ýylyň birinji ýarymy üçin gazet-žurnallara abuna ýazylmany resmileşdirip başladylar. Netijede, abunaçylar eýýäm 1-nji ýanwardan başlap neşirleri elektron görnüşde alyp bilerler. Ýarym ýyl üçin abuna bahasy 60 manat bolar. Şonuň içinde abunaçylar ýurdumyzda neşir edilýän 21 sany gazeti we 8 sany žurnaly elektron görnüşde alarlar. Bir ýa-da birnäçe neşire aýratynlykda ýazylmak mümkin däl.
Kagyz görnüşinde döwürleýin neşire abuna diňe pensionerler ýazylyp bilerler. Bu kadadan çykma ýaşuly adamlaryň kompýuter tehnologiýalaryny özleşdirmekde belli bir kynçylyk çekmekleri bilen bagly edildi. Pensionerler özlerine zerur bolan bir ýa-da birnäçe neşire ýazylyp bilerler. Abuna ýazylmak üçin pensionerler poçta bölümlerine öz pensiýa şahadatnamalaryny görkezmeli bolarlar.
Öň, TmCars.info Türkmenistanda käbir metbugat neşirleriniň birleşdirilip, olaryň umumy sanynyň azaldyljakdygy hakynda habar beripdi.