5 türkmen kluby AFK-nyň ýaryşlaryna gatnaşmaga ygtyýarnama aldy

5 türkmen kluby AFK-nyň ýaryşlaryna gatnaşmaga ygtyýarnama aldy

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýokary ligasynda çykyş edýän 5 klub — "Köpetdag", "Altyn Asyr", "Ahal", "Şagadam" we "Merw" AFK-nyň Çempionlar ligasyna we AFK-nyň kubogyna gatnaşmak üçin esasy talap bolan ygtyýarnamalaşdyrmak işinden üstünlikli geçdi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web sahypasynda aýdylmagyna görä, Aşgabadyň "Köpetdag" futbol kluby 2021-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin ygtyýarnama bermek işini üstünlikli geçdi.

Beýleki dört klub - "Altyn Asyr", "Ahal", "Şagadam" we "Merw" - indiki ýyl AFK-nyň kubogyna gatnaşmak üçin ygtyýarnama bermek işini üstünlikli geçdi.

"Altyn Asyryň" Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna, "Ahalyň" bolsa AFK-nyň kubogyna ýollanma alandygyny ýatladýarys. Aziýa klublarynyň ikinji derejeli ýaryşyna ýene bir ýollanma Türkmenistanyň kubogynyň 2020-nji ýyldaky ýeňijisine gowşurylar. Kubogyň final oýny 9-njy dekabrda geçiriler.