Ýaponiýa kosmosy zibillerden "arassalar"

  • 20.11.2020 11:18
  • 8.9k+

Ýaponiýa kosmos zibillerini arassalamak üçin 2021-nji ýylyň mart aýynda ýörite hemrany orbita iberer. Hemrany ruslaryň "Soýuz" raketa göterijisi arkaly älem giňişligine çykarmak meýilleşdirilýär diýip, Sputnik agentligi habar berýär.

Uçuş Baýkonur kosmodromyndan amala aşyrylar. Hemranyň uzynlygy we beýikligi 6 metr, ini 11 metr, agramy 175 kilograma barabar bolar.

Arassalaýjy-hemra ilkinji synag döwründe ýörite magnit panellerini ulanmak arkaly kosmos zyňyndylaryny özüne çeker. Soňra ol atmosfera girer we ýygnan zatlary bilen birlikde ýanar.

Ýaponiýa  kosmosy zyňyndylardan "arassalamak" niýetini ozal hem mälim edipdi. Şeýlelikde, Ýaponiýanyň Aerokosmiki gözleg gullugy zyňyndylary lazeriň kömegi bilen ýok edip biljek hemrany döretmegi meýilleşdirdi. Bu hemrany orbita üç ýyldan bärde uçuryp bolmajakdygy aýdylýar.

şu gün 00:18
408

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....