Türkmenistan GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň 8-nji duşuşygyna gatnaşdy

  • 19.11.2020 22:42
  • 3k+

GDA gatnaşyjy döwletleriň –Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň wideomaslahat görnüşinde nobatdaky duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle hem mejlisiň işine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew, Köpçülikleýin howpsuzlyk hakyndaky Şertnama guramasynyň Baş sekretary S.Zas gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda GDA-nyň giňişliginde biologiýa wehimlerine garşy durmak, häzirki pandemiýa zerarly ýüze çykan ýagdaýlara garşy hereket etmek hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmek maksady bilen, döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginde tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Maglumat howpsuzlygy ulgamyndaky häzirki zaman wehimlere we howplara garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurtlaryň kibergiňişligindäki mümkinçiliklerini berkitmek meseleleri babatynda aýratyn pikir alşyldy. Mejlise gatnaşyjylar emeli akyl we onuň milli howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny barada-da pikir alyşdylar.

Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýyň durnuklaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýar, parahatçylykly owganara gepleşiklerini hemmetaraplaýyn goldaýar hem-de gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň gatnaşmagynda duşuşyklary geçirmek üçin öz syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardyr.

düýn 22:54
599

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......