8-nji noýabrdan Türkmenistanda howa salkynlap başlar

  • 07.11.2020 13:50
  • 42k+

7-nji noýabrda Türkmenistanyň çägi günorta şemalynyň täsiri astynda bolar. Ak deňziň giň siklony günorta-gündogardan ýurdumyza ýyly howa getirer. Türkmenistanyň günorta-günbatarynda we günortasynda howanyň temperaturasy +23 — +31 derejesine çenli ýokarlanar. Şeýle-de bolsa, Orient-iň “Meteožurnal” internet neşirine salgylanyp habar bermegine görä, ýurdumyzyň ýaşaýjylary ýakyn wagtda noýabr aýynyň güneşli günleri bilen wagtlaýyn hoşlaşmaly bolarlar.

Salkyn howa massasy bilen atlantik antisiklony eýýäm Merkezi Aziýa ýurtlaryna tarap hereket edýär.
Ýekşenbe güni, 8-nji noýabrda Türkmenistanyň çäginde howa has sowuk bolar. 30 gradusdan ýokary temperatura 12-17-ä çenli pese düşer. Balkan welaýatynda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Ýurduň günorta-gündogarynda howa ýagdaýy birneme üýtgeşik bolar. Bu ýerde temperatura ygalsyz +23 derejesinde saklanar.
Türkmenistanyň gidrometeorologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, dynç günleri Aşgabatda az-owlak ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.
AccuWeather amerikan kompaniýasy paýtagtymyzda aýyň ahyryna çenli 12-19 gradus temperaturada salkyn howa bolar diýip çaklaýar. Şeýle-de bolsa, indiki hepdäniň ahyryna çenli termometrleriň görkezijisi gijelerine minusa çenli peseler.
Meteorologiki gözegçilikleriň taryhyndan, Aşgabatda iň irki aýaz 1980-nji ýylyň oktýabrynda bellige alyndy. Ýöne Aşgabatda oktýabr aýazlary seýrek ýagdaýa öwrüldi, iň soňkusy 1995-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda hasaba alyndy, şonda temperatura -2,3 derejesine düşdi. Şondan bäri güýzüň ortalarynda Aşgabatda ortaça salkyn howa saklanýar.
Türkmenistanyň gündogarynda ýagdaý düýbünden başgaça boldy. Köýtendag dagynda ilkinji gar 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň ortalarynda ýagdy.
Noýabr aýynda Merkezi Aziýa üçin howa maglumatlary dünýäniň dürli meteorologiýa merkezleriniň görkezijileri boýunça tapawutlanýar. Russiýanyň Gidrometeorologiýa merkezi Türkmenistanda ygal kadaly ýagdaýdan ortaça ýokary bolar diýip çaklaýar, şol bir wagtyň özünde temperatura görkezijileri kadaly ýagdaýa ýakyn bolar.
Uzak möhletleýin çaklamalar boýunça dünýä lideri bolan ABŞ-nyň Umman we atmosfera gözlegleriniň milli edarasy (NAOO) sebit üçin noýabr aýynyň pes göwrümli ygal bilen gurak boljakdygyny çaklaýar. IRI Kolumbiýa uniwersitetiniň hünärmenleri hem güýzüň soňky aýynda ygalyň az boljakdygyny aýdyp, şeýle howa maglumatyny berýärler.

05.07.2025 18:06
2.9k+

Türkmenistan AÖB-niň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ikinji tapgyryna goşulmagy meýilleşdirýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi goldady...

05.07.2025 04:45
1.7k+

Aşgabatda Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

4-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlygynyň berkemegini bellediler...

04.07.2025 11:29
8.7k+

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Raşid Meredowy kabul etdi

3-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Duşuşyk barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy...

03.07.2025 10:19
4.1k+

Raşid Meredow we Murat Nurtleu Awazada geçiriljek halkara maslahata taýýarlygy maslahatlaşdylar

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär...