Türkmen pagtaçylary ilkinji gezek 1,25 million tonna hasyl ýygnadylar

  • 06.11.2020 14:40
  • 5.6k+

Pagta ýygmak boýunça döwlet meýilnamasy 1 million 250 müň tonna ýerine ýetirildi. Türkmen pagtaçylary ilkinji gezek şu möçberdäki hasyly ýygnadylar.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, munuň özi şu ýylda bugdaý ekmek üçin bellenilen ýerleri azaldyp, pagta meýdanlaryny artdyrmak karary netijesinde mümkin boldy.
Häzirki wagta çenli kärendeçiler 1 mln 50 müň tonna bellenilen meýilnamanyň her ýylda 1 million 100 müň tonnasyny amala aşyrýardylar.
Pagta ýygymy boýunça giň gerimli kampaniýa 9-njy sentýabrda badalga alyp, iki aýa ýetmän hem tamamlandy.
Munuň özi 8-nji noýabrda Türkmenistanda bellenilip geçiljek Hasyl toýunyň öňüsyrasynda şatlykly habar boldy.

şu gün 09:02
125

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

düýn 15:48
4.3k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......