Türkmenistan Hytaýa gaz ibermekde öňdebaryjylygy saklaýar

  • 27.10.2020 15:02
  • 6.8k+

Türkmenistan awgust aýynda üpjünçiligiň birneme azalandygyna garamazdan, HHR-e turbageçiriji gazynyň eksporty meselesinde öňdebaryjylygyny saklady. Finmarket habar gullugynyň ýazmagyna görä, muny Hytaý gümrükhanasynyň maglumatlary subut edýär diýip, ORIENT habar berýär.

Hytaý gümrükhanasynyň maglumatlaryna görä, türkmen gazynyň üpjünçiligi 3,4% azaldy we 2,276 milliard kub metre ýetdi. 2020-nji ýylyň awgust aýynda Hytaýyň umumy turbageçiriji gaz importy 3,853 milliard kub metre barabar boldy.
Awgust aýynda “Gazpromdan" başga üpjün edijiler hem Hytaýa turbageçiriji gazynyň üpjünçiligini azaltdylar. Ýagny bu babatda Özbegistan - 0,7%, Gazagystan - 1,4%, Mýanma bolsa 0,2% aşaklady.
“Gazpromyň” Hytaýa awgust aýynda iberen gazynyň möçberi 381 million kub metre ýetdi, ýagny bu iýul aýy bilen deňeşdirilende, 0,75% köp (379 million kub metr). Bu «Sibiriň güýji» («Сила Сибири») magistralynyň nobatdaky ýokary görkezijisi hasaplanylýar. Sentýabr aýynda akymyň azaljakdygy çak edilipdi, sebäbi turbageçiriji öňüni alyş işleri üçin bir hepdeläp saklanypdy.
Ýylyň başyndan bäri, umuman alanyňda, Hytaýa turbageçiriji gazynyň importy 9%, ýagny 29.530 milliard kub metre çenli azaldy.

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
19k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

12.12.2025 16:33
5k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...

29.11.2025 09:51
4.1k+

Türkmenistanda “Uzynada” känindäki täze guýudan gazkondensat akymy alyndy

Türkmenistanda “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow habar berdi.  Bellenilişi ýaly, ol guýy umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy...