Türkmenistan Gazagystanda galan raýatlaryny alyp gaýdýar

  • 23.10.2020 06:00
  • 12k+

Türkmenistan pandemiýa bilen baglylykda, dünýä döwletlerinden girizilen çäklendirmeler zerarly Gazagystanda galan raýatlaryny alyp gaýdar.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, Gazagystandaky 100 sany Türkmenistanyň raýaty 2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda «Garabogaz» gözegçilik-geçiriş nokadynyň üsti bilen ýurdumyza dolanarlar.
Olar gözegçilik-geçiriş nokadynyň çäginden gurnalan hem-de Garabogaz şäherindäki hassahanada hökmany iki hepdelik karantin geçerler.

düýn 19:29
7.4k+

Bir köpek Hindistanda süýşgün wagty onlarça adamyň halas bolmagyna kömek etdi

Hindistanyň Himaçal-Pradeş ştatyndaky Siýathi obasynda bäş aýlyk güjük süýşgün wagty 67 adamy ölümden halas etdi. Gahrymana öwrülen itiň taryhyny The Independent gürrüň berdi. 30-njy iýun gijesi birnäçe hepde ozal obada öý tapynan it gaty ses bilen üýrüp, hojaýynyny ukudan oýardy...

11.07.2025 14:30
15k+

Tehasdaky suw joşmasynyň ýetiren zyýanlary kosmosdan görkezildi

Maxar Technologies kompaniýasy ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky güýçli suw joşmasynyň netijelerine degişli düşüren hemra suratlaryny çap etdi. Suratlar uzak wagtlap ýagan ýagyş sebäpli suwuň derejesiniň birden ýokarlanmagy bilen bagly Gwadelupe derýasynyň uzaboýundaky ýerleriň üýtgändigini görkezýär...

10.07.2025 11:35
4.8k+

ESA kosmosdan Ortaýer deňziniň näderejede gyzýandygyny görkezdi

Ýewropadaky aşa yssy howa hatda kosmosdan hem aýdyň görünýär. Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Ortaýer deňzi sebitindäki gury ýerleriň we suwuň üstki temperaturasynyň ýokarlanýandygyny görkezýän emeli hemra suratyny çap etdi...

08.07.2025 20:12
7.1k+

Indoneziýadaky Lewotobi Laki Laki wulkany 18 km beýiklikde kül zyňdy

Indoneziýanyň Flores adasynda Lewotobi Laki Laki wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi. Asmana 18 km beýiklikdäki kül sütüni göterildi diýip, ýerli häkimiýetlere salgylanyp, CNA habar berýär. Indoneziýanyň wulkanologiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, wulkan gaty sesli partlamalar bilen atyldy...