Türkmenistanda 2021-nji ýyl üçin önümçilik senenamasy çykdy

  • 22.10.2020 18:11
  • 14k+

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi 2021-nji ýyl üçin önümçilik senenamasyny web sahypasynda neşir etdi.

Oňa laýyklykda, dynç alyşlarda we hatyra günlerde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:

  • 1-nji ýanwar - Täze ýyl baýramy;
  • 8-nji mart - Halkara zenanlar güni;
  • 21-22-nji mart - Milli bahar baýramy;
  • 18-nji maý - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni;
  • 13-nji maý - Oraza baýramy;
  • 20-21-22-nji iýul - Gurban baýramy;
  • 27-nji sentýabr - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;
  • 6-njy oktýabr - Hatyra güni;
  • 12-nji dekabr - Halkara Bitaraplyk güni.

Şu günleriň öňündäki günüň iş wagty Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda, 1 sagat ir tamamlanýar.
Şeýle hem iş wagtynyň ölçegleri 8 sagatlyk iş gününden ugur alnyp bäş günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň, 7 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň we 6 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 36 sagatlyk iş hepdesiniň senenamasy boýunça hasaplanýar.
Iş tertibi düzülende, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 62-nji maddasyna laýyklykda, gijeki iş wagtynda işiň dowamlylygynyň 1 sagat gysgalýandygy göz öňünde tutulmalydyr. Şol sebäpli, iki dynç alyş günli, bäş günlük iş hepdesinde üç iş çalşygynda işleýänleriň iş wagtynyň ýyllyk gory, her gijeki iş wagtynyň 1 sagadynyň hasabyna azalýar.
Gijeki işiň dowamlylygy önümçiligiň şertlerine görä zerur bolan halatlarda, aýratyn-da üznüksiz önümçiliklerde, şonuň ýaly-da bir dynç alyş günli alty günlük iş hepdesi mahalyndaky çalşykly işlerde gündizki iş bilen deňleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda sagatlaýyn tarif möçberleriniň iş wagtynyň ortaça aýlyk dowamlylygynyň (sagatlarda) gaýtadan hasaplanylyşy şu aşakdaky ýaly bellenilýär:

  • 40 sagatlyk iş hepdesi üçin - 166.0
  • 36 sagatlyk iş hepdesi üçin - 150.5

Senenamany şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.

şu gün 16:45
21

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.9k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
2.3k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......