В Туркменистане действует трёхкольцевая профилактическая система защиты

  • 21.10.2020 23:44
  • 6.8k+

Ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, üç halkalaýyn öňüni alyş ulgamy döredildi. Bu barada Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren iş maslahatynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Dolandyryş merkezi we Türkmenabat şäherinde Ýerli Dolandyryş merkezi döredildi.
Milli kanunçylygymyza degişli üýtgetmeler girizildi we dünýä tejribesine laýyklykda, wagtlaýyn Tertipnamalar hem-de Düzgünnamalar kabul edildi.
Serhetýaka çäklerdäki etraplaryň arasynda gözegçilik nokatlary döredilip, ilatyň hereketine we saglyk ýagdaýyna gözegçilik işleri amala aşyryldy, gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň ählisi tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur bolan serişdeler hem-de dikuçarlar bilen üpjün edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirip, Farap, Sarahs we Garabogaz Döwlet serhet gözegçilik-geçiriş ýerlerinde 80 orunlyk karantin gözegçilik nokatlary guruldy. Döwlet serhediniň 9 sany, şol sanda Balkan welaýatynda — Garabogaz, Serhetýaka, Türkmenbaşy we Etrek, Ahal welaýatynda — Kaka, Sarahs, Mary welaýatynda Serhetabat, Lebap welaýatynda — Ymamnazar we Farap gözegçilik geçiriş ýerlerinde ulaglar üçin zyýansyzlandyryş geçelgeleri, zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa we zyýansyzlandyryş-fumigasiýa desgalary guruldy.

09.06.2026 23:14
7.1k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.2k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......

05.06.2026 17:46
2.8k+

В Великобритании испытали вакцину, уничтожающую раковые опухоли

В Великобритании завершилось клиническое исследование препарата «Амивантамаб», в ходе которого у части пациентов с тяжёлыми формами рака головы и шеи опухоли значительно уменьшились или исчезли полностью....

05.06.2026 15:54
4.1k+

Китай первым в мире одобрил коммерческое применение инвазивного мозгового импланта

Китай стал первой страной в мире, одобрившей коммерческое применение инвазивного интерфейса «мозг–компьютер» (Brain-Computer Interface, BCI)....