Туркменистан активно сотрудничает с РЦПДЦА в борьбе с глобальной пандемией

  • 21.10.2020 12:26
  • 3.5k+

Türkmenistan döwletimiz Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi we sebitiň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge gönükdirilen hereketlere işjeň gatnaşýar, bu bolsa ählumumy parahatçylyga we ösüşe ýetmekde aýratyn wajypdyr.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezi Türkmenistanyň ähmiýetli hyzmatdaşlaryndan biri hökmünde çykyş edýär, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Merkez goňşy ýurtlaryň we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýanyň çözgüdi bilen 2007-nji ýylda döredildi. Merkezi edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylaryna ýollan wideoýüzlenmesiniň dowamynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň orny we işiniň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi.
Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezi bilen sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça, şol sanda BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasyny durmuşa geçirmek ugrunda netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän özara hereketleriň çäklerinde häzirki döwrüň howplaryny we wehimlerini, hususan-da global pandemiýany hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek aýratyn orun eýeleýändir.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisiniň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
“Sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek, Öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiligini yzygiderli açmak boýunça öz Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan mejlisiň çäklerinde Baş Assambleýa “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň eýeleýän orny” diýen Kararnamanyň taslamasyna garamagy teklip etmegi maksat edinýär” diýip belledi.

вчера 18:57
1.3k+

ГТСБТ зарегистрировала за неделю 54 сделки более чем на $19,5 млн

На минувшей неделе на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана было зарегистрировано 54 сделки. Общая сумма экспортных контрактов превысила 19 миллионов 507 тысяч долларов США. Такие данные......

14.06.2026 15:10
1.2k+

Google отказалась участвовать в федеральной квантовой программе США

Google решила не участвовать в федеральной программе поддержки квантовых технологий США, заявив, что условия финансирования могли замедлить создание практически полезного квантового компьютера....

13.06.2026 16:30
984

В Ашхабаде прошло 13-е заседание туркмено-австрийской комиссии

В Торгово-промышленной палате Туркменистана состоялось 13-е заседание Совместной туркмено-австрийской комиссии. В ее работе приняли участие представители государственных структур и деловых кругов двух стран....

13.06.2026 12:20
1k+

В Денизли прошёл туркмено-турецкий деловой форум

11 июня в турецком городе Денизли состоялся туркмено-турецкий деловой форум. Об этом сообщает пресс-служба МИД Туркменистана....