Hytaýda doňdurylan önümleriň gabynda janly koronawirus tapyldy

  • 18.10.2020 23:25
  • 27k+

Hytaýyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş boýunça merkeziniň hünärmenleri dünýäde ilkinji gezek doňdurylan deňiz önümleriniň gabynda janly COVID-19 wirusyny tapdylar diýlip, merkeziň habarynda aýdylýar. Bu barada RIA Nowosti belläp geçýär.

Hünärmenler Sindaodaky koronawirus ýaýrawynyň sebäbini epidemiologik derňew etmegiň çäginde daşary ýurtlardan import edilen treskalary barlanlarynda, olaryň daşky gabyndan alnan nusganyň položitel çykandygyna, ol ýerde janly wirusyň bardygyna göz ýetirdiler.

“Doňdurylan önümiň gabynda janly wirusa dünýäde ilkinji gezek gabat gelinýär. Gapdaky janly wirus bilen galtaşyk kesel ýokuşdyryp bilýär” – diýlip, merkeziň saýtyndaky beýannamada aýdylýar.

Netijede, SARS-CoV-2 wirusynyň doňdurylan önümlerde we hatda olaryň gabynda hem uzak wagtlap ýaşap bilýändigi subut edildi. Janly wirus bar bolan önümlere goragsyz çemeleşmek keseliň ýokuşmagyna getirip biler.

“Häzirki wagta çenli geçirilen barlaglar COVID-19-yň iýmit arkaly geçýän wirus däldigini, ýagny iýmitiň üsti bilen ýokuşyp bilmeýändigini görkezdi. Şeýle-de, häzire çenli doňdurylan deňiz önümleri bilen aragatnaşyk arkaly kesel ýokuşandygy hasaba alynmady” – diýip, merkezde bellediler.

düýn 11:34
4.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.5k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.5k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......