Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

  • 17.10.2020 14:31
  • 5.2k+

Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üpjün eder.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Garaşsyz ýurdumyzda himiýa ylmy we tehnologiýalary boýunça ylmy barlaglary ýerine ýetirmek, şol esasda täze önümçilikleri döretmek, bu ugurda döwletimiziň innowasion syýasatyny durmuşa geçirmek, bäsleşige ukyply maddy we energiýa serişdelerini tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary işläp taýýarlamak, ýaşlary ylmy-tehnologik, taslama-konstruktorçylyk işlerine giňden çekmek, ylmy barlaglaryň hem tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

şu gün 11:55
1k+

Hytaý adamy Aýa gondurjak kosmos gämisiniň täze neslini döredýär

Hytaý Aýa uçuşlar üçin niýetlenen adamly kosmos gämisiniň täze neslini döretmek boýunça giň möçberli taslamany durmuşa geçirýär....

düýn 16:09
1.6k+

GPT-5.2 Tokio we Kioto uniwersitetleriniň giriş synaglaryny adamlardan has gowy tabşyrdy

GPT-5.2 neýroulgamy Tokionyň we Kiotonyň uniwersitetlerine giriş synaglarynda dalaşgärlerden has ýokary netijeleri görkezdi. Bu synagy LifePrompt kompaniýasy geçirdi....

düýn 15:48
1k+

NASA “Nensi Greýs Roman” teleskopyny ýygnamagyny tamamlady

“Nensi Greýs Roman” kosmos teleskopy doly ýygnaldy, synagdan geçirildi we uçurmaga taýýar. Bu barada NASA-nyň administratory Jared Aýzekman Goddard adyndaky Kosmos uçuşlary merkezinde geçirilen metbugat......

düýn 12:18
5.5k+

ABŞ-ly genetikler derman öndürmek üçin towuk ýumurtgalaryny «programmirlemegi» öwrendiler

Missuri uniwersitetiniň alymlary towuk ýumurtgalarynyň lukmançylyk zerurlyklary üçin dermanlyk beloklaryny durnukly öndürmegine mümkinçilik berýän usuly işläp düzdüler....