Türkmenistanda saglyk meseleleri boýunça ynanç telefony işe başlady

  • 17.10.2020 07:00
  • 15k+

Beýik Britaniýanyň ilçihanasy BMG-niň Türkmenistandaky Ilat gaznasy we "Keýik Okara" jemgyýetçilik guramasy bilen hyzmatdaşlykda reproduktiw hukuklary, saglyk we COVID-19 meseleleri boýunça ynanç we goldaw telefon liniýasyny işe girizdi.

Her kim sagdyn maşgalany meýilleşdirmek, howpsuz göwrelilik we saglygy goramak bilen bagly umumy maslahatlar boýunça bilermeniň mugt maslahatyny alyp biler.
ÝUNFPA saglyk ulgamyny berkitmek we reproduktiw saglygy goraýyş hyzmatlarynyň dowamlylygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň hökümeti bilen ýakyndan işleşýär.
Goldaw hyzmaty, aýal-gyzlara nesil öndürijilik hukuklary, bu ugurda bar bolan hyzmatlary we global pandemiýa şertlerinde umumy saglyk maslahatlary barada ýaşyryn we öz wagtynda maglumat almaga kömek eder. Taslama, şeýle hem, maglumatlary ýygnamagy we aýratyn goşmaça hyzmatlara bolan islegi kartalaşdyrmagy maksat edinýär.
Goldaw gullugyna duşenbe-anna günleri sagat 10:00-dan 16:00-a çenli + 993-12-229389 jaň edip bilersiňiz.

düýn 23:10
570

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.5k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.3k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....