Elleri ýuwmak koronawirus bilen kesellemek howpuny 36% peseldýär — Rospotrebnadzor

  • 16.10.2020 15:37
  • 6.9k+

Rospotrebnadzoryň metbugat gullugynyň habaryna görä, koronawirus bilen kesellemek howpuny peseltmek üçin köp pul sarp etmegiň zerurlygy ýok, elleriňi sabyn bilen ýuwmak ýeterlikdir. Muny aobe.ru ýetirýär.

Bütindünýä arassa elleriň güni her ýyl 15-nji oktýabrda bellenilýär.

“Elleri ýuwmak boýunça global hyzmatdaşlyk” halkara guramasynyň maglumatlary boýunça, elleri sabyn bilen ýuwmak COVID-19 bilen göreşde möhüm rol oýnaýar. Elleri dogry ýuwmak wirusyň daşky membranasyny ýok edip, ony hereketsizlendirýär. Barlaglar eli sabyn bilen ýuwmagyň COVID-19 bilen kesellemek howpuny 36%, Ýiti respirator wirusly ýokanç keselleri bilen kesellemek ähtimallygyny 20% peseldýändigini görkezdi. Elleri sabyn bilen ýuwmak beýleki köp sanly ýokançlardan, şol sanda E gepatitinden, holeradan we atipik pnewmoniýadan hem goraýar.

Köçeden öýe geleniňizden, ellik ulanaňyzdan soň, nahar taýýarlamazdan we iýmezden öň, et ýa-da balyk bişireniňizde, şeýle-de asgyranyňyzdan, syrkaw adama seredeniňizden, haýwanlar bilen gatnaşykdan soň elleri ýuwmak, esasanam, jemgyýetçilik ýerlerinde bolanyňyzdan we hajathanadan soň elleriň arassaçylygyna üns bermek maslahat berilýär.

“Siz ýaly ulaglarda, dükanlarda, işde predmetlere ellerini degirýän daş-töweregiňizdäki adamlaryň elleri ýuwmak düzgünini hemişe berjaý etmeýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Durmuşyňyzy gowulandyrmak we ýakynlaryňyzyň ýagdaýlaryny gorap saklamak üçin elleriňizi ýuwuň” – diýlip, edarada bellenildi.

düýn 18:05
2.3k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......