Türkmen-hytaý söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

  • 16.10.2020 13:41
  • 3.2k+

15-nji oktýabrda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VI mejlisi göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Gurbanow, hytaý tarapyna bolsa HHR-iň Söwda ministriniň orunbasary we Hytaýyň halkara söwda gepleşiklerindäki wekiliniň orunbasary Ýuý Sziýanhua wekilçilik etdiler.

Şu formatda ilkinji gezek geçirilýän duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň strategiki hyzmatdaşlygyna esaslanýan ikitaraplaýyn özara hereketleriň giň toplumyna seredip geçdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň degişli pudaklarynyň wekilleriniň geljekki duşuşyklary üçin onlaýn-platformalarynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, özara gyzyklanma döredýän beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň giňeldilmegi hem-de çuňlaşdyrylmagy boýunça pikirler alşyldy.
Bu ugurda, ulag, söwda, energetika, gurluşyk materiallary, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklar, şeýle-de telekommunikasiýa hem-de öňdebaryjy maglumat tehnologiýalary, sanly söwda ulgamlary ikitaraplaýyn özara hereketleriň geljegi uly ugurlary hökmünde bellenildi.
Taraplar şeýle hem iki ýurduň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly özara haryt dolanşygynyň göwrüminiň artdyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler.
Mejlise gatnaşyjylar durmuş-ykdysady täsirleriniň azaldylmagynda hem-de pandemiýa bilen bagly bolan ugurdaş meseleleriň çözülmeginde halkara jemgyýetçiliginiň umumy tagallalaryny we hereketleriniň utgaşyklylygyny talap edýän dünýädäki koronawirus ýagdaýlary babatynda hem pikirleri alyşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde taraplar Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VII mejlisiniň geçiriljek wagtyny we ýerini teswirnama laýyklykda kesgitlemek babatynda ylalaşdylar.
Geçirilen gepleşikleriň ahyrynda Mejlisiň degişli teswirnamasyna gol çekildi.

düýn 15:48
4.2k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......