Wise-premýer pandemiýanyň türkmen ykdysadyýetine täsirine garşy göreş barada gürrüň berdi

  • 15.10.2020 07:20
  • 9.5k+

Global ýagdaýy hem-de onuň ýurduň ykdysadyýetine täsir etmek mümkinçiligini nazara almak bilen, ykdysadyýeti mundan beýläk-de pugtalandyrmak we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin 2020-nji ýylyň iýul aýynda “Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2020–2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy“ kabul edildi. Ol dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine edýän täsirini peseltmek boýunça ýurduň Hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan çärelere goşmaça bolup durýar, diýip wise-premýer G.Müşşikow Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ulgamynyň durnukly ösüşine beren seljermesinde belleýär.

Şunuň bilen birlikde, 2020-nji ýylyň iýul aýynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan “Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy“ kabul edildi. Ol saglygy goraýşyň esasy hyzmatlarynyň hilini we elýeterliligini gowulandyrmak, durmuş goraglylygyny hem-de binýatlyk durmuş hyzmatlaryny üpjün etmek, iş ýerlerini goramak, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek, makroykdysady höweslendirme hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar.
Bu çäreleriň ählisi Türkmenistanyň geljekki ösüşlere we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Durnukly ösüş babatynda Gün tertibiniň amala aşyrylmagy bolsa döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň durnukly we hemme zady öz içine alýan ösüşini göz öňünde tutýan baş strategik maksady bolup durýar.

düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.3k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

düýn 16:45
776

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......