Türkmenistan girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hatarynda

  • 14.10.2020 07:10
  • 8.5k+

Türkmenistan ýyl-ýyldan önümçilik kuwwatyny artdyrýar. Munuň şeýledigini halkara maliýe edaralary, şol sanda Bütindünýä banky hem birnäçe gezek tassyklady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowyň Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ulgamynyň durnukly ösüşine beren seljermesinde belleýşi ýaly, Bütindünýä bankynyň klassifikasiýasy boýunça Türkmenistan girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hataryna girdi.

Bularyň ählisi milli girdejiniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin degerli şertleri döredýär we häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz meýillere garamazdan, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda durnukly ösüş depginleri saklanyp galýar.
Hökümetiň 2020-nji ýylyň dokuz aýynyň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle maglumatlary getirdi: içerki önüm, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,8 göterim, önüm öndürilişi 4,2 göterim ýokarlandy.

şu gün 15:48
1.2k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

düýn 19:38
4.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
4.1k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......