Emomali Rahmon Täjigistanyň prezident saýlawlarynda 90,9% ses bilen ýeňiş gazandy

  • 12.10.2020 13:13
  • 12k+

Täjigistanyň häzirki lideri Emomali Rahmon, deslapky maglumatlara görä, prezident saýlawlarynda sesleriň 90,9%-den gowragyny aldy diýip, şu gün Saýlawlar we sala salşyklar boýunça merkezi toparyň başlygy Bahtiýor ​​Hudoýorzoda aýtdy. Saýlawlara gatnaşyk sany 85.39%-e barabar boldy. Bu barada Euronews habar berýär.

"3 million 837 müň 927 adam ýa-da saýlawçylaryň 90, 92%-i Emomali Rahmona ses berdi. Deslapky maglumatlara esaslanyp, Saýlawlar we sala salşyklar boýunça merkezi topar Emomali Rahmony Täjigistanyň Prezidenti saýlandy diýip yglan etmek barada karara geldi" - diýip, Hudoýorzoda belleýär.

Täjigistanda prezident saýlawlary geçen ýekşenbe güni geçirildi. Rahmonyň bäsdeşlerinden iň köp sesi Täjigistanyň Agrar partiýasynyň başlygy Rustam Latifzoda aldy. Oňa saýlawçylaryň 3.03%-i ses berdi.
Habar berlişi ýaly, saýlaw uçastoklary sagat 20:00-da ýapyldy, ýöne saýlawlar eýýäm sagat 15:00-da, saýlawçylaryň gatnaşygy 70%-den gowrak bolanda yglan edildi. Gutarnykly netijeler, kanun boýunça, saýlawlardan soň iki hepdeden gijä galman, köpçülige aýan edilmeli.
Emomali Rahmon 1992-nji ýyldan bäri Täjigistana baştutanlyk edýär we bäşinji gezek gaýtadan saýlanýar.

düýn 22:54
697

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.8k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......