Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň işindäki kemçiliklere ünsi çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň işindäki kemçiliklere ünsi çekdi

Hökümet mejlisiniň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň işinde bar bolan kemçiliklere ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, çig nebitiň çykarylýan möçberi artmaýar, onuň ýarysy eksporta gidýär. Şonuň bilen birlikde, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwaty uzak wagtdan bäri bary-ýogy 40 göterim möçberde ulanylýar diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak barada aýdyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýangyç-energetika pudagyndaky işleriň ýagdaýyny seljermegi hem-de kemçilikleri düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Öň habar berşimiz ýaly, türkmen Lideri wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa käýinç yglan etdi.