Hereketlendiriji bilen tormoz bermek näderejede ygtybarly?

  • 20.10.2020 15:09
  • 13k+

Awtoulag sürlende, köp zat sürüjiniň ençeme ýyllaryň dowamynda kemala gelen tejribesine we ussatlygyna baglydyr. Hereketlendiriji bilen tormoz bermek hem ussatlyk talap edýän usullaryň biri. Käbir adamlar tizligi şu ýol bilen haýallatmagy has ygtybarly hasaplaýar, üstesine ýangyjy hem az sarp edýändigini nygtaýarlar. Beýlekiler bolsa bu usulyň hereketlendiriji hem-de transmissiýa (geçiriş hadysasy) üçin gaty zyýanlydygyny öňe sürýärler. Eýsem, bularyň haýsysy dogry?  

Hereketlendiriji bilen tormoz bermek – hereketlendirijiniň tirsek walynyň aýlanmagyny üpjün edýän güýje garşylyk görkezmek diýmekdir. Ýönekeý söz bilen aýdylanda, munda tormoz sürüjiniň gaz pedalyndan aýagyny aýyrmagy bilen amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde, ýangyç üpjünçiliginiň arasy kesilmeýär, ol iň pes derejä ýetýär, hereketlendiriji bolsa energiýany indi özi berenok-da, ony transmissiýadan alýar. Bu pursatda tirsek walynyň aýlanmagyny haýalladýan garşylyk ýüze çykýar.  

Motor bilen tormoz bermegiň esasy artykmaçlygy – tekerler  tormoz kolodkalarynyň öňüni bökdemeýändigi sebäpli, siltemek hadysasyny azaldýar. Şonuň üçin hünärmenler awtoulag siltäp başlasa, şu usuly ulanmagy maslahat berýärler.

Bu usul adaty ýagdaýlarda hem ulanylyp bilner. Mysal üçin, sürüji çatryga ýakynlaşyp barýarka, sazlaýjyda heniz gyzyl çyra ýanyp duran bolsa, tormoz pedalyny ulanman, haýal hereket edip biler. Şol usul buzly şertlerde ýa-da ýol çygly bolanda hem ulanylyp bilinýär.

Häzirki wagtda hereketlendiriji bilen tormozlamagyň 10-dan gowrak usuly belli, ýöne olaryň iň köp ýaýranlary 3-den köp däl. Sürüjileriň köpüsiniň, hatda şol üç usuly hem ulanyp bilmeýändigini bellemek gerek. Şonuň üçin biz jikme-jik görkezmeleri we käbir peýdaly maslahatlary size ýetireris.

Adatça, hereketlendiriji bilen tormoz bermegiň ilkinji ädimi gaz pedalyny goýbermekdir. Ondan soň geçirişleri (skor) peýdalanyp, üçünji tizlige çenli geçirmeli. Tizlik peselip başlanda, ikinji ýa-da birinji tizlige geçirip bilersiňiz. Bu aralykda, geçirişi gaýtadan işletmegiň dogry wagtyny saýlamak gaty möhümdir, ýogsam geçirişiň we tirsek walynyň aýlawynyň arasynda gabat gelmezligiň ýüze çykmagy mümkin, bu bolsa duýdansyz tormoza sebäp bolup biler.

Beýle ýagdaý motor üçin zyýanly. Siltenmäniň öňüni almak üçin gaz pedalyny birneme basmaly we diňe şondan soň geçirişi peýdalanmaly. Esasy zat, 4-nji geçirişden 1-njä birbada geçmeli däl. Şeýle ýagdaýlarda awtoulag gidip barýan ýerinde çaýkanar we  sürüji dolandyryşy ýitirip biler, motora ýa-da geçirişe uly zeper ýetmegi mümkin.

Şonuň üçin hereketlendiriji bilen tormozlamagyň diňe käbir şertlerde mümkindigini ýatdan çykarmaly däldiris.

şu gün 08:11
276

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
2.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
3.7k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......