Türkmenistanyň Prezidenti prokurorlary wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti prokurorlary wezipä belledi

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen,

  • 2-nji derejeli ýurist Didar Suhanberdiýewiç Orazow Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenip, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
  • 1-nji derejeli ýurist Tirkeş Çarymyradowiç Mämmedow Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenip, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
  • 1-nji derejeli ýurist Myratasyl Myratgeldiýewiç Myratgeldiýew Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenildi;
  • 2-nji derejeli ýurist Gurbanguly Azadyýewiç Naýýaýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;
  • 2-nji derejeli ýurist Didar Babajanowiç Durdyýew Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;
  • 1-nji derejeli ýurist Magtymguly Bäşsähedowiç Çerreýew Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi
  • 2-nji derejeli ýurist Şükür Baýramdurdyýewiç Annalyýew Mary welaýatynyň Mary etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Döwletgeldi Gurbanmämmedowiç Mämmetamanow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şamyrat Daňatarowiç Meretnyýazow Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.