Türkmenistana 180 kub metr sanjym gelip gowuşdy

  • 07.10.2020 23:40
  • 32k+

BMG-niň sanjym maksatnamasynyň çäginde "Wolga-Dnepr" kompaniýalar topary we Scan Global Logistic kompaniýasy Türkmenistana 180 kub metr sanjym iberdi. Ýük difteriýa, gepatite we inçekesele garşy sanjymlardan hem-de COVID-19 pandemiýasynyň ýaýran döwründe has möhüm bolan ýurtda ilatyň yzygiderli immunizasiýa edilmegine kömek etjek beýleki dermanlardan ybaratdy. Bu barada "Wolga-Dnepr" kompaniýalar toparynyň metbugat gullugyna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

“COVID-19-yň global üpjünçilik zynjyrlaryna, şol sanda ynsanperwer pudaga edýän täsirine kembaha garamaly däl. Pandemiýa sebäpli bazardaky ýük daşamak kuwwatynyň peselmegi köp guramalaryň häzirki milli immunizasiýa maksatnamalaryny goldamak üçin maddy-tehniki üpjünçiligine täzeden seretmegine getirdi. Biziň "Wolga-Dnepr" ýük supermarketiniň çygrynda hödürläp biljek çözgütlerimiz gymmatly ýükleriň iberilmeginiň tizligini we ygtybarlylygyny kepillendirýär" -, diýip, "Wolga-Dnepr" toparynyň ynsanperwer ugratmalarynyň global direktory Stýuart Smit belledi.

şu gün 23:14
315

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

düýn 07:29
2.8k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....