«Napoli» «Ýuwentus» bilen boljak oýnuň öňüsyrasynda öýüne gaýtaryldy

  • 05.10.2020 19:21
  • 11k+

“Napoliniň” oýunçylary "Ýuwentus" bilen boljak oýnuň öňüsyrasynda howa menzilinden yzyna gaýtaryldy. Şol wagt "Ýuwentus" “Allianz” stadionynda “Napoli” bilen boljak oýun üçin meýdança girmäge taýyn bolup durdy. Bu barada Futbol Italiýa salgylanyp, championat.com habar berýär.

Häzirki wagtda “Napoliden” 20 adam (şolardan 16-sy oýunçy) üzňeleşdirildi. Ertir neapollylar Castel Wolturnodaky okuw bazasyna göçerler.
Turindäki “Allianz” stadionynyň meýdançasynda myhmanlaryň ýoklugyna garamazdan 3-nji tapgyryň “Ýuwentus” - “Napoli” oýnuna hemme zat taýyndy. “Ýuwentusyň” oýunçylary we eminleri meýdançadady, münberde janköýerlerem bardy.
Mundan ozal “Ýuwentus” “Napoli” bilen öz öýünde boljak oýnuň esasy düzümini yglan edipdi, myhman hökmündäki topar bolsa sanawyny yglan etmändi. Görnüşe görä, bu oýun "Napolide" ýüze çykan koronawirus ýokuşmasy hadysasy we ýerli saglygy goraýyş edaralarynyň neapolly toparyň gelmegini gadagan etmegi sebäpli oýnalmaz.

düýn 14:53
6.4k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.4k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....