Robert Lewandowski möwsümiň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi

  • 03.10.2020 13:20
  • 8.2k+

"Bawariýanyň" polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski UEFA tarapyndan 2019/20 möwsüminiň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy. Bu barada Sputnik gullugy habar berýär.

Möwsümiň iň gowy futbolçysynyň yglan edilmegi penşenbe güni Ženewada geçirilen dabarada bolup geçdi. Baýraga Lewandowskiden başga-da “Mançester Sitiniň” ýarym goragçysy Kewin De Bruýn we Lewandowskiniň topardaşy derwezeban Manuel Noýer hem dalaşgär görkezildi. Ilkinji gezek Kriştianu Ronaldu we Lionel Messi ilkinji üçlüge girmedi.
Möwsümiň iň gowy zenan futbolçysy diýlip bolsa Daniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we "Çelsiniň" hüjümçisi Pernilla Harder saýlandy.
Ýeňijiler we dalaşgärler Ýewropa ligasyna we Çempionlar ligasyna gatnaşýan klublardan 80 tälimçiden we 55 žurnalistden ybarat eminler topary tarapyndan saýlandy. Şol bir wagtyň özünde, tälimçileriň öz oýunçylaryna ses bermäge hukugy ýokdy.
Lewandowski geçen möwsüm “Bawariýanyň” düzüminde 47 oýunda 55 pökgi geçirdi. Ýeri gelende bellesek, polşaly futbolçy bu baýraga ilkinji gezek mynasyp boldy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
UEFA "Bawariýanyň" baş tälimçisini möwsümiň iň gowy tälimçisi diýip yglan etdi

şu gün 01:00
227

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

düýn 19:42
726

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

düýn 17:01
5.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
5.4k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....