Israel Adesanýanyň we Ýan Blahowiçiň indiki garşydaşlary belli boldy

  • 30.09.2020 23:53
  • 10k+

UFC-iň başlygy Dana Uaýt hepdäniň ahyrynda Abu-Dabide geçen UFC 253-däki ajaýyp çykyşlary bilen ýatda galan orta we ýarym agyr agramly çempionlaryň geljegi barada gürrüň berdi, diýip fighttime.ru habar berýär.

Guramanyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, Israel Adesanýanyň indiki garşydaşy Robert Uittaker bilen söweşde ýeňiş gazanan halatynda, Jared Kannonýe bolar.

“Eger-de Kannonýe ýeňiş gazansa, tituly almaga mümkinçilik alar. Israelde şuny gowy görýän: ol kim özüni ýeňip bilerin öýdýän bolsa, şoň bilen söweşmäge hemişe taýyn. Tüýs çakmakdaş ýaly ýigit" diýip, "MMAFighting" web-saýty Uaýtyň sözlerini getirýär.

Dominik Reýesi ýeňip, UFC-niň ýarym agyr agram derejesinde boş duran tituly çempionlyk guşagyny aIan Blahowiç barada aýdylanda bolsa, Tiago Santos bilen Glower Teýşeýronyň arasyndaky dalaşgärlik tutluşygynyň ýeňijisi oňa garşydaş bolar. Jon Jonsyň ýarym agyr diwizionyna gaýdyp gelmegi bu meýilnamany üýtgedip biler.

“Bu ýigitler titulyň indiki dalaşgärini kesgitlärler. Ýöne, elbetde, bu söweşi Jon Jons islese, biz ony bu pursatdan mahrum edip bilmeris" diýip, Uaýt aýdýar.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......