«Altyn asyr» topary altynjy gezek Türkmenistanyň naýbaşy kubogyny eýeledi

  • 30.09.2020 13:18
  • 9k+

Aşgabadyň «Altyn asyr» topary futbol boýunça Türkmenistanyň 2020-nji ýylda Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy. Bu topar düýn Aşgabadyň köpugurly «Aşgabat» stadionynda “Ahal” topary bilen duşuşdy.

Duşuşygyň 68-nji minudynda «Ahalyň» ýarym goragçysy Gurban Annaýew hasaby açdy. Emma, birnäçe minutdan soňra, «Altyn asyryň» futbolçylary hasaby deňlediler, bu hasap oýun tamamlanýança üýtgemedi. Goşmaça wagtda hem hasap üýtgemedi we eminler topary 1:1 deňme-deň hasapdan soň, 11 metrlik urgulary geçirmegi karar etdiler.
11 metrlik urgulary ýerine ýetirmekde iki toparyň futbolçylary hem ýokary ussatlyk görkezdiler, emma «Ahal» toparynyň goragçysy Serdar Annaorazowyň ýalňyşy bu toparyň bäsdeşine ýeňiş getirdi.
Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary on bir metrlik urgularyň jemleri boýunça 5:4 hasabynda ýeňiş gazanyp, futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna altynjy gezek mynasyp boldy. Bu toparyň futbolçylary bu hormatly sport baýragyny 2015-nji ýyldan bäri yzygiderli eýeläp gelýärler.

düýn 21:03
1.4k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 15:42
7.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......