Pandemiýa zerarly Türkiýede galan türkmen raýatlary ýurdumyza getirildi

  • 25.09.2020 13:44
  • 22k+

Pandemiýa zerarly Türkiýede galan watandaşlarymyzy alyp gaýdan "Türkmenhowaýollarynyň" Boeing-777-200LR ýörite uçary düýn agşam Türkmenabadyň halkara howa menziline gelip gondy.

Howa menziliniň maglumat gullugynda habar berlişi ýaly, bu ýörite uçuş Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen guraldy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maslahaty bilen, Türkiýeden çarter reýsinde gelen ähli raýatlar hökmany iki hepdelik karantini geçerler.
Öň pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galmaga mejbur bolan ildeşlerimizi Watanymyza alyp gaýtmak üçin Russiýadan, Belarusdan we Hindistandan Türkmenabat halkara howa menziline çarter uçuşlarynyň guralandygyny habar beripdik.

şu gün 20:17
1.9k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.2k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......