Luis Suarez karýerasyny "Atletikoda" dowam etdirer

  • 25.09.2020 13:32
  • 7.8k+

"Barselonanyň" urugwaýly hüjümçisi Luis Suarez öz karýerasyny Madridiň "Atletikosynda" dowam etdirer. Bu barada katalon klubynyň metbugat gullugyna salgylanyp, INTERFAX habar berýär.

“Atletikonyň" "Barselona" klubyna goşmaça 6 million ýewro tölejekdigi bellenilýär.

"Barselona" Luis Suareze wepalylygy we yhlasy üçin minnetdarlygyny bildirýär hem-de oňa geljekde üstünlik arzuw edýär" diýlip, "Barselonanyň" metbugat gullugynyň berýän habarynda aýdylýar.

Suarez "Barselonanyň" düzümine 2014-nji ýylyň tomsunda "Liwerpuldan" geçipdi. Ol ispan klubunda 13 gezek çempion boldy: dört gezek Ispaniýanyň çempionatynda we Ispaniýanyň kubogynda, Ispaniýanyň Super kubogynda iki gezek, Çempionlar ligasynda, Klublar dünýä çempionatynda we UEFA Super kubogynda bir gezek ýeňiji boldy.
Ol 283 oýunda 198 pökgi geçirip, "Barselonanyň" taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçylaryň sanawynda üçünji orunda durýar. Ol 2014/15 möwsümiň Ispaniýa çempionatynda 40 pökgi geçirdi (möwsümiň ähli ýaryşlarynda 59) we Ýewropa milli çempionatlarynda iň köp pökgi geçirmek bilen, “Altyn aýakgabyň” eýesi boldy.

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......