Pandemiýa netijesinde Merkezi Aziýada ulag hyzmatdaşlygy güýçlenýär

  • 22.09.2020 15:43
  • 9.4k+

Ulag daşamalarynyň ösjekdigi we dünýä ykdysadyýetinde ulagyň ähmiýetiniň ýokarlanjakdygy bilermenler tarapyndan eýýäm köp wagtdan bäri öňe sürlüp gelinýär. Ýöne pandemiýa bu ýagdaýlary ep-esli çaltlaşdyrdy we häzirki wagtda ulag pudagy düşewüntlilik we aktuallyk nukdaýnazaryndan ähli ugurlardan, şol bir wagtyň özünde ýangyç-energetika toplumyndan öňe geçdi.

Bu, esasanam, Merkezi Aziýanyň, hususan-da, Türkmenistanyň mysalynda aýdyň görünýär. Statistiki maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Türkmenistandan Azerbaýjana, Owganystana we Gazagystana eksport ugurlarynda demir ýol bilen daşalýan harytlaryň mukdary ep-esli ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu ugurlarda daşalýan harytlaryň mukdary degişlilikde 955, 173 we 125 göterime deň boldy, diýip ORIENT agentligi habar berýär.
Bu döwürde Türkmenistana Owganystandan we Özbegistandan importyň möçberi degişlilikde 128 we 152 göterim boldy. Şeýle hem, şu ýylyň 8 aýynda Lazurit ulag-üstaşyr geçelgesinde (Azerbaýjan – Türkmenistan – Owganystan) ýük daşalyş mukdarynyň ösüşi 186 göterime deň boldy.
Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan ugrundaky konteýner gatnawy baradaky maglumatlar has-da täsirli. Hazar deňzinde Türkmenbaşynyň we Bakuwyň portlarynyň arasynda fider gatnawy arkaly demir ýol ulagy bilen daşalýan konteýnerleriň sanynyň ösüşi 22,400 göterime barabar boldy.
Hünärmenleriň pikiriçe, sebitde ulag hyzmatdaşlygynyň ýiti işjeňleşmegi Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda fider gatnawyň ýola goýulmagy, şeýle hem ýüki iberijilere, kabul edijilere we üstaşyr döwletlerine peýdaly çeýe nyrh syýasaty bilen baglanyşykly.

düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......