Türkmenistan we Pakistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny maslahatlaşdy

  • 19.09.2020 14:00
  • 3k+

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Pikir alyşmalaryň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda özara gatnaşyklaryň okgunly häsiýeti aýratyn bellenildi, bu ugurda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň taslamasy strategik esasy düzýär.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow pakistanly kärdeşiniň ýardam etmeginde we goldaw bermeginde ýakyn wagtda Pakistanyň çäginde hem gaz geçirijiniň gurluşygyna başlanjakdygyna umyt bildirdi.
Ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek, elektrik geçiriji ulgamlary çekmek boýunça tagallalaryň netijeli utgaşdyrylmagy döwletara we sebit hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň umumy ýagdaýyny hem-de haryt dolanyşygynyň depginini bilelikde düýpli öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şunda Hökümetara türkmen-pakistan topary öz işini görkezmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda onlaýn görnüşde onuň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi.

düýn 22:55
628

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 18:16
3.6k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

düýn 15:51
4.4k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

düýn 11:22
2k+

Peter Madýar Wengriýanyň täze premýer-ministri boldy

«Tisa» partiýasynyň lideri Peter Madýar täze çagyrylyşdaky Döwlet ýygnagynyň (bir palataly parlament) birinji mejlisinde Wengriýanyň premýer-ministri wezipesine saýlandy. Onuň dalaşgärligini 140 deputat......