Türkmenistanda harby gulluga nobatdaky çagyrylyş hakynda

Türkmenistanda harby gulluga nobatdaky çagyrylyş hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylar 2020-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşadylar.

Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşadylmaga ýa-da harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlary, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürilmegine hukugyny ýitiren uly ýaşly erkek raýatlary 2020-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrylar.
 

Bu Perman resmi çap edilen gününden herekete girýär.