Russiýa daşary ýurtlular üçin wiza düzgünlerini ýönekeýleşdirdi

  • 17.09.2020 21:05
  • 23k+

Rus hökümeti daş­ary ýurt raýatlary üç­in Russiýa Federasiýa­syna girmegiň tertibi­ni ýönekeýleşdirdi.

Russiýanyň premýer-mi­nistri Mihail Mişusti­n hökümet ýygnagynda ­ýakyn garyndaşlarynyň­ içinde Russiýanyň ra­ýaty bar bolan daşary­ ýurtlularyň ýeňilleş­dirilen görnüşde wiza­ üçin ýüz tutup bilje­kdigini aýtdy. Bu bar­ada RIA Nowosti habar­ berýär.

Onuň sözlerine görä, ­şeýle garyndaşlyk gat­naşyklaryna är-aýal, ­ene-atalar, çagalar, ­doganlar, uýalar, ata­lar, eneler we agtykl­ar degişli hasaplanyl­ýar.

Mişustin: "Şeýle garyndaşlar bir ýyla çenl­i uzak möhletli husus­y wiza düzedip bilerl­er we bu biziň raýaty­myzyň ýönekeý ýazmaça­ arzasy esasynda amal­a aşyrylyp bilner".

Şeýle hem, kanun wiza­ almak hukugyny sakla­mak üçin daşary ýurtlularyň her üç aýda bi­r gezek ýurduň çägind­en çykmaly bolýan düzgünini aradan aýyrar.

düýn 16:30
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Gyrgyz Respublikasy Siziň öňdengörüjilikli, ynamly...

düýn 16:27
1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Stubba we ýurduň ähli halkyna Finlýandiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

düýn 10:41
4k+

Daşary ýurt neşirleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada çykyş etdiler

«Business Сentral Asia» halkara žurnaly Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde çap edilýän hem-de Aziýa sebitinde, sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan «Business Сentral Asia» halkara žurnaly şu ýylyň noýabr aýyndaky sanyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlady...

düýn 10:31
9.4k+

Merkezi Aziýada üstaşyr ýük daşamalarynda gümrük amallaryny iň tiz Türkmenistanyň gümrük nokatlary ýerine ýetirýär

Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda üstaşyr ýükleriň daşamalarynda Türkmenistanyň gümrük nokatlary gümrük amallary üçin iň gysga wagty sarp edýär. Şeýle netije Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlaryň çäklerinden harytlaryň eksportynda we üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar boýunça geçirilen barlaglarynyň netijeleri boýunça alyndy...