Alymlar koronawirusyň alamatlaryny kesgitleýän örtügi döretdiler

  • 12.09.2020 16:00
  • 13k+

Singapuryň alymlary islendik örtüge dakyp bolýan we şonuň netijesinde koronawirus keseliniň alamatlaryny bellige alýan ýörite datçikler ulgamyny döretdiler. Bu barada “Straits Times” neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Oýlanyp tapylan ulgam bedeniň temperaturasyny, ganyň kislorod bilen doýgunlygyny, arterial basyşy we adamyň ýüreginiň uruş ýygylygyny ölçeýär we toplanan maglumatlaryň esasynda adamda COVID-19-yň barlygy barada netije çykarýar.
Ulgam polimer materialy bilen örtülen sensorlardan ybarat. Şeýle-de, gurluş Bluetooth signal iberijisine eýe, onuň kömegi bilen maglumaty smartfona geçirmek bolýar. Taslamanyň awtorlarynyň biri Nanýansk tehnologiýa uniwersitetiniň professory Çen Sýaodun çipleriň ýörite material bilen örtülmeginiň netijesinde, olaryň çyglylyga durnukly we kabul edilýän maglumatlara duýgur bolýandygyny gürrüň berýär.
Örtügiň koronawirus pandemiýasynyň güýjän döwründe hassahanalarda işlän lukmanlara kömek etmek maksady bilen döredilendigi bellenilip geçilýär. Ol lukmançylyk işgärlerine COVID-19 kesellileriň görkezijilerine daşdan gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Häzir işläp düzüjiler örtügiň amatlylyk üçin ähli datçikleriň bir çipe birikdirilen täze görnüşini barlagdan geçirýärler. Teoretik taýdan şeýle örtükleri monitoring ulgamyna zyýan ýetirmezden ýuwmak bolýar. Ony taýýarlaýjylar “akylly” örtügi diňe bir COVID-19 pandemiýasy döwründe däl-de, eýsem, umuman, ilatyň saglygyna gözegçilik etmek üçin ulanyp boljakdygyna ynandyrýarlar.

düýn 16:07
6.8k+

Barlag: Gazly suw artykmaç agramyň garşysyna göreşmäge we maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrmaga kömek edip bilermi?

Gazly suw köplenç agramy azaltmagyň serişdesi hasaplanýar, sebäbi onuň düzüminde bar bolan uglerod dioksidi (CO2) dokluk duýgusyny döredip bilýär. Şeýle hem, ol iýmiti çalt siňdirýär we gandaky glýukozanyň......

düýn 15:54
4.2k+

Osteoartroz ýekeje sanjym arkaly bejeriler

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň alymlary osteoartrozdaky bogunlaryň dargama prosesini yzyna öwürmäge ukyply dermanlary ýetirmegiň täzeçil ulgamyny döretdiler. Haýwanlar arkaly geçirilen tejribeler......

16.04.2026 16:48
4.9k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
2.9k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....