Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding-iň» ýolbaşçysy bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

  • 10.09.2020 08:58
  • 17k+

9-njy sentýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdirliginiň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda işewür döwlet Baştutanyny Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gazturbinaly elektrik beketleriniň gurluşygynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Gurbanguly Berdimuhamedow holdingiň özara bähbitli iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany yklymyň iri energetika ulgamynyň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, şeýle hem gurluşygy “Çalyk Holding” kompaniýasyna ynanylan TOP elektrik geçiriji ulgamynyň ähmiýetini nygtap, kompaniýanyň ýolbaşçysyna ähli işleriň bellenilen möhletlerinde we ýokary derejede ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.
Türk işewüri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etmegiň öz kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, birnäçe bilelikdäki taslamalary ilerletmegiň barşy hakynda hasabat berdi.
Milli Liderimiz gurulýan desgalary şertnamalarda göz öňünde tutulan möhletinde ulanmaga bermegiň hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagynyň türkmen tarapynyň hökmany şerti bolandygyna we şeýle bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi.

düýn 21:40
2.6k+

Türkmen diplomatlaryna Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşuryldy

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň...

düýn 13:21
10k+

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Karar kabul etdi...

düýn 13:04
9.8k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlap täze kitabyny ýazyp tamamlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlady. Bu barada döwlet Baştutany 6-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi...

düýn 12:56
9k+

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 231 raýatyň günäsi geçildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. 6-njy dekabrda geçirilen...