Çaganyň irki ösüşinde sazyň ähmiýetini bilýärsiňizmi?

  • 13.09.2020 16:22
  • 9.4k+

Aýdym aýtmak, saz diňlemek hem-de depginli oýunlar çagany terbiýelemekde möhüm serişdeleriň biridir. Sazyň kömegi bilen çaganyň özüni alyp barşyna täsir etmegiň usullary barada rus saz terapewti Anastasiýa Beltýukowa gürrüň berdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Aýdym-saz bejergisi – bu adamyň hal-ýagdaýyna täsir etmegiň kliniki taýdan subut edilen usuly. Ol agyr keselli adamlaryň myşsalaryndaky dartgynlygy aýyrmaga, asuda dem almaga, aladany azaltmaga kömek edýär diýip, hünärmen belleýär.
Hatda kemis çagalara hem aýdym-saz bejergisi oňyn täsir edýär.
Hassahanalarda aýdym-saz terapewtiniň işleşýän çagalary beýleki çagalara garanda ir sagalýar.
Hünärmenler muny çagada eşidiş ukybynyň heniz dogulmanka kemala gelýändigi bilen düşündirýärler. Bu göwräniň içindäki durmuşda-da çaga hemra bolýan esasy duýgudyr. Hut şonuň üçin sesler biziň aňasty aňymyza aralaşmaga ukyply bolýarlar.
Saz bejergisinde ulanylýan tejribeleriniň biri hem — sözsüz aýdyma hiňlenmekdir. Çaga öz duýgularyny hemişe söz bilen beýan edip bilmeýär, ýöne kähalatlar ony köşeşdirmek we duýgularyndan baş çykarmaga kömek etmek üçin, mahal-mahal onuň ýanynda oturyp, saza hiňlenmek ýeterlikdir.
Çaganyň gündelik durmuşyna ýörite säher ýa-da hüwdi aýdymlaryny, täze ýyl, bahar, tomus we ş.m. aýdymlary girizmek arkaly sazyň kömegi bilen çaganyň durmuş döwürlerini aýratynlandyrmak bolýar.
Şeýle-de, beden bilen bagly depginli oýunlar hem möhüm ähmiýete eýedir. Sazyň, goşgynyň ýa-da sanawajyň depginine sazlaşyp el çarpmak, ýokary bökmek, çaýkanmak dartgynlylygy gowşatmaga kömek edýär, endorfinleriň (bagt gormonlary) derejesini ýokarlandyrýar, öz-özüňi düzgüne salmaga ýardam edýär.
Gadymy Hytaýda saz owazynyň bejerijilik ukybyna örän çynlakaý garapdyrlar, şonuň üçin hem ol ýerde pentatonikany ýygy-ýygydan peýdalanypdyrlar. Pentatonika — sesleriniň arasynda bitertipligiň we dartgynlylygyň bolmadyk aýratyn heňi.
Belläp geçsek, bu hili bejergä gadymy türkmen halk döredijiliginde hem ýykgyn edipdirler. Dutaryň owazynyň güýji bilen käbir kesellere garşy göreşilendigi hemmämize mälimdir.
Goşulmak hem-de yzyna gaýtarmak tejribesi güýçli psihoterapiýa täsirine eýedir. Meselem, çaga haýsydyr bir ses edýär, siz bolsa ony gaýtalaýarsyňyz. Ýene bir usul – dirižýor oýny, ýagny çaga sizi ugrukdyrýar ýa-da tersine.
Çaga bilen bile oturyp, erteki düzmek hem örän täsirlidir. Munda hökmany suratda çaganyň hem bu işe gatnaşmagyny gazanjak bolmaly.
Saz bejergisi üçin oňat ýaňlanýan we çaga dogry eşidiş maglumatyny berýän gurallary saýlamaly. Mysal üçin, jürlewükler, deprekler.
Saz gurallaryny çaga bilen bilelikde döretseň hem bolar. Düňderilen piti depregiň ýerini tutup biler.
Emma esasy guralyň adamyň sesidigini ýatdan çykarmaň, sebäbi çaganyň daşky dünýä bilen tanyşlygy heniz ol enäniň göwresindekä başlaýar.

12.03.2026 18:46
4.5k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...

12.03.2026 15:52
8.2k+

Suzuki – Aşgabatda: Wagtyň synagyndan geçen ýapon awtoulaglary elýeter bahadan

Suzuki kompaniýasynyň taryhy 1909-njy ýylda, özem maşynlaryň wazzyldysyndan däl-de, dokma gurallarynyň kakuwyndan başlandy. Miçio Sudzuki dokma stanoklaryny öndürýän kompaniýany esaslandyrdy. Kompaniýanyň öndürýän enjamlary öz döwründen has ozduryp geçen ygtybarlylygy we innowasiýalary bilen tapawutlanýardy...

09.03.2026 17:16
6.7k+

«Sarpaly» dükany ýag alyp çalyşdyran müşderilere mugt filtrleri sowgat berýär

Gökdepe etrabyndaky «Sarpaly» awtoýag we tekerler dükany öz müşderileri üçin sowgatly aksiýa yglan etdi. Motor ýaglaryny satyn alan we çalşyran müşderilere dükända ýag hem-de salon filtrleri sowgat berilýär. Bu aksiýa 10-njy martdan 17-nji marta çenli dowam eder...

09.03.2026 15:25
16k+

Gijelerine -10 °C we sowuk şemal: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bu hepde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, käbir ýerlerde howanyň temperaturasy gijelerine -10 gradusa çenli peseler...