«Mançester Sitiniň» iki oýunçysynda koronawirus ýüze çykaryldy

  • 08.09.2020 14:07
  • 10k+

«Mançester Sitiniň» ýarym goragçysy Riýad Marez we goragçysy Emerik Lýaport koronawirus boýunça položitel test tabşyrdylar. Bu barada iňlis futbol klubynyň metbugat gullugyna salgylanyp, Interfaks agentligi habar berýär. 

Bellenilişi ýaly, futbolçylaryň ikisi hem karantin astyna alyndy. Kesel alamatsyz ýagdaýda geçýär. Angliýanyň premýer-ligasynyň täze möwsümi 12-nji sentýabrda başlaýar. Şonda «Siti» öz meýdançasynda «Aston Willany» kabul eder.
Möwsümden öňki türgenleşikleriň aglaba bölegini toparyň baş tälimçisi Pep Gwardiola hem karantinde geçirer. Barselonadan Beýik Britaniýa dolanyp gelenden soň, ol iki hepdelik mejbury karantin geçmeli.

düýn 23:00
1k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......