Ýaponiýada taýfun sebäpli 600 töweregi awiagatnawlary ýatyryldy

  • 06.09.2020 11:47
  • 12k+

Ýaponiýada 600 töweregi içerki awiagatnawlar ýatyryldy. Ýurduň günorta bölegine “Haýşen” taýfuny golaýlaşýar. Bu barada ýapon jemgyýetçilik telewideniýesine salgylanyp ТАSS habar berýär.

Şenbe günündäki 100 sany gatnawdan daşary ýerli awiakompaniýalar Ýaponiýanyň günorta we günorta-günbataryny ýurduň beýleki bölekleri bilen baglanyşdyrýan 484 sany ýekşenbe gatnawlaryny ýatyrmaly boldular.
JR West demir ýol operatory hem ygally howa sebäpli 7-nji sentýabrdan ýurduň günbatarynda we günorta-günbatarynda çalt gidýän otlularyň gatnawyny ýatyrmak hem-de Ýaponiýanyň merkezi bilen günbatar böleginiň arasyndaky gatnawlaryň sanyny azaltmak kararyna geldi.
Häzirki wagtda “Haýşen” Ýuwaş ummany boýunça Ýaponiýanyň günorta prefekturasy Okinawa tarap hereket edýär. Ýurduň Milli meteorologiýa edarasy taýfunyň özi bilen güýçli ygaly we tupanly ýeli getirip biljekdigini duýdurýar. “Haýşeniň” ýekşenbe güni agşama çenli Ýaponiýanyň günorta sebitine ýetmegine garaşylýar.
Premýer ministr Sindzo Abe anna güni hökümetiň nobatdan daşary mejlisini geçirdi we onda ýerli ilatyň goragy üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Iri awtomobilleri we elektronikany öndürijiler hem özleriniň işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin kärhanalaryny ýapýarlar. Toyota kompaniýasy duşenbe güni agşama çenli Kýusýudaky üç kärhanasynyň işini eýýäm togtatdy, şeýle çäreleri Canon we Mitsubishi Electric kompaniýalarynyň hem kabul etmegi mümkin.
Ýaponiýanyň günorta-günbatar bölegi ýakynda “Maýsak” taýfunyny başdan geçirdi. Ol sebitde elektrik energiýasy bilen bagly bökdençlikleriň ýüze çykmagyna getirdi.

25.06.2026 12:37
6.9k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....