«Forbes» Konor Makgregoryň ýyllyk girdejisini hasaplady

  • 05.09.2020 16:28
  • 33k+

«Forbes» neşiriniň maglumatlary boýunça irlandiýaly göreşiji Konor Makgregor 2020-nji ýylyň iň baý meşhur adamlarynyň ýüzlügine girdi. Bu barada neşiriň saýtyna salgylanmak bilen RIA Nowosti habar berýär.

Türgen 53-nji orunda ýerleşdi, onuň girdejisi 48 million dollara barabar boldy, şonuň 30 million dollaryny ol Donald Serronä garşy göreşi üçin gazandy. Göreş 2020-nji ýylyň ýanwarynda geçirildi we ol Makgregoryň tehniki nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy.
Şeýle-de onuň gazanjynyň ep-esli bölegini Reebok bilen hemaýatkärlik şertnamasy düzýär, ýagny bu şertnama boýunça Konor her ýylda 5 million dollar gazanýar. Mundan başga-da, Makgregora 2018-nji ýylda önümçilige girizen irland wiskisiniň hususy brendi hem girdeji getirýär.
Makgregoryň hasabynda 22 ýeňiş bilen 4 ýeňliş bar, ol ýarym ýeňil we ýeňil diwizionlarda UFC-niň çempiony boldy.

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......