Facebook ABŞ-nyň prezident saýlawlarynyň howpsuzlygyna $300 mln bagyş etdi

  • 02.09.2020 19:21
  • 5.3k+

Facebook internet toruny esaslandyryjy Mark Sukerberg ABŞ-nyň prezident saýlawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $300 mln bagyş etdi. Bu barada “The Hill” neşirine salgylanmak bilen rossaprimavera.ru habar berýär.

“Men şu ýylda biziň ýurdumyzyň saýlaw infrastrukturasy Covid pandemiýasy sebäpli köp sanly täze meseleler bilen çaknyşar diýip alada edýärin” – diýip, Sukerberg akkauntynda ýazdy.

Facebook-y esaslandyryjy poçta boýunça ses bermegiň ýokary derejede bolmagyna garaşylýandygyny, sorag işlerini geçirmek üçin işgärlere hem-de aragatnaşyksyz ses bermegi üpjün etmek üçin enjamlara zerurlygyň artjakdygyny belledi. Serişde iki sany täjirçilik däl guramasynyň hasabyna geçiriler: işgärleriň bilimi we enjamlar üçin $250 milliony Tehnologiýa we raýat durmuşy merkezi (CTCL) alar, $50 milliony ses berme baradaky maglumatlaryň goragy üçin Saýlaw innowasiýalarynyň we barlaglaryň merkezi (CEIR) alar.
Ýatlap geçsek, Facebook 2020-nji ýylyň noýabryndaky ABŞ-daky saýlawlar bilen bagly ýalan maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ýeterlik derejede çäreleri alyp barmaýandygy sebäpli tankyda sezewar edildi.
Netijede, kompaniýada ýerleşdirilýän syýasy habarlaryň mazmunyna uly üns berip başladylar, şeýle-de ABŞ-daky saýlawlara täsir etjek islendik habary aýyrmaga wada berdiler.

düýn 22:54
627

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......