La Liga 2020/21 möwsüminiň senenamasyny tanyşdyrdy

  • 01.09.2020 14:41
  • 10k+

La Liganyň ýolbaşçylygy täze möwsümiň senenamasyny tanyşdyrdy. Bu barada matchtv.ru habar berýär.

Çempionata 13-nji sentýabrda başlamak meýilleşdirilýär. Şol gün 7 oýun oýnalar: "Alawes" - "Betis", "Eýbar" - "Selta", "Kadis" - "Osasuna", "Granada" - "Atletik", "Walensiýa" - "Lewante" we "Willarreal" - "Hueska".
“Atletiko" - "Sewilýa” oýny 2021-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda bolar. Madridiň "Realy" - "Hetafe" we ​​"Barselona" - "Elçe" oýunlary 2021-nji ýylyň fewral-mart aýlaryna çenli yza süýşürildi.
2020/21 möwsüminiň soňky aýlawy 23-nji maýda geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, 2019/20 möwsüminde La Ligada Ispaniýanyň çempiony Madridiň "Realy" bolupdy.

şu gün 14:40
703

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

şu gün 09:59
4.1k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

düýn 16:14
3.8k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 14:43
8k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....