Pekiniň syýahatçylyk pudagy ýarym ýylyň içinde 70%-den gowrak girdejisini ýitirdi

  • 30.08.2020 12:23
  • 4.9k+

Her ýylda ýüzlerçe million syýahatçyny kabul edýän Pekiniň syýahatçylyk pudagy pandemiýa sebäpli birinji ýarymýyllykda 70%-den gowrak girdejisini ýitirdi, hytaý paýtagtynyň bütin dünýä belli bolan syýahatçylyk desgalary bolsa epidemiologik ýagdaýyň gowulaşýandygyna garamazdan, heniz hem gelýän syýahatçylaryň sanyny çäklendirmeli we şunuň netijesinde zyýan çekmeli bolýarlar. Bu barada 1prime.ru habar berýär.

Geçen ýylda Pekine 320 million syýahatçy bardy, syýahatçylykdan girdeji bolsa 622,5 milliard ýuana ýetdi (90,4 milliard dollar).
Pekiniň hökümetiniň maglumatlaryna laýyklykda, 2020-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda paýtagta 56 milliondan gowrak adam geldi, bu 2019-njy ýylyň birinji 6 aýy bilen deňeşdirilende 64,8% azdyr. Şäheriň syýahatçylykdan girdejisi birinji ýarymýyllykda 72% pese gaçyp, 81,2 milliard ýuana barabar boldy (11,7 milliard dollar).
Hytaýyň ýaşaýjylary daşary ýurtlara gitmäge mümkinçiligiň ýokdugy sebäpli, özleriniň ýurdunda işjeň syýahat edýärler, köp şäherlerde, şol sanda epidemiýanyň merkezi bolan Uhanda hem çäklendirmeleriň köpüsi aýryldy, ýöne resmi taýdan COVID-19 keselli ýekeje-de syrkawyň indi ýok ýeri bolan Pekinde çäklendirmeler heniz hem saklanýar.
Hytaýyň paýtagtynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň tas on sany obýekti ýerleşýär, olara her ýylda millionlarça adam barýar, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli olaryň köpüsi boş galmagy dowam etdirýär.
Her ýylda 17 million töweregi adamy kabul edýän hytaý paýtagtynyň merkezindäki dünýädäki uly köşk toplumy Gugun (Gadagan edilen şäher) häzire çenli günde aňyrsy 5 müň adamy kabul edýär, indiki hepdeden başlap ol 12 müňe çenli adamy kabul eder. Ýurduň esasy muzeýi – Milli muzeý – diňe Hytaýyň raýatlaryny kabul edýär.
Hytaýyň syýahatçylyk gurşawy, köp ýurtlardaky ýaly, epidemiýadan zyýan çekenleriň hataryna düşdi. Ýerli hökümetler pudaga hemaýat bermek üçin dürli çäreleri kabul edýärler. Aýratynam, Pekiniň Medeniýetiniň we syýahatçylygynyň şäher komiteti syýahatçylyk pudagynyň kömek bermek boýunça meýilnamasyna 100 million ýuan (14,5 million dollar) bölüp berdi.

düýn 23:58
511

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
3.5k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......